Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Özbegistan gatnaşyklarda durnuklylyk isleýär


ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Daniel Rozenblim
ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Daniel Rozenblim

Birleşen Ştatlaryň baş diplomaty Özbegistanyň garaşsyzlyk döwrüniň dowamynda birinji gezek ýolbaşçysyny çalyşmagyndan soň ABŞ bilen durnukly gatnaşyklary saklamak isleýändigini mälim etdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Daniel Rozenblim bu barada Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Komilow bilen 5-nji sentýabrda Daşkentde geçiren duşuşygynda aýtdy.

“Meniň Komilow bilen duşuşygymyň dowamynda ol ikitaraplaýyn gatnaşyklarda durnuklylyga uly isleg bildirdi we men muny möhüm habar hökmünde kabul etdim” diýip Rozenblum aýtdy.

Rozenblum prezident Yslam Kerimowyň ýogalmagyndan soň ABŞ-nyň Özbegistana baran ilkinji diplomaty boldy.

ABŞ-ny diplomaty Waşingtonyň “Özbegistan bilen partnýorlygy, onuň garaşsyzlygyny, howpsuzlygyny, geljegini we onuň ähli raýatlarynyň hukuklaryny goldaýandygyny” belledi.

XS
SM
MD
LG