Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenabatda ýaşaýyş jaýlar arzanlaýar


Türkmenabat

Türkmenabat

Şu günler Türkmenabat şäherinde ýaşaýyş jaýlarynyň satylýandygy barada bildirişler köpelýär.

Şäheriň köçelerindäki bildiriş tagtalarynda, duralgalarda we köçeleriň ugrundaky sütünlerde asylan bildirişleriň aglabasynda satylýandygy aýdylýan jaýlaryň bahalary hem görkezilip başlandy.

Öň şäherde satylýan jaýlaryň bahasy amerikan dollarynda kesgitlenip, adatça bildirişlerde görkezilmedik bolsa, indi satylýan jaýlaryň bahasy açyk görkezilýär, üstesine ozalkysyndan tapawutlylykda manatda kesgitlenýär. Şeýle-de, häzirki wagta Türkmenabat şäherinde jaýlaryň bahasy ep-esli arzanlady. Meselem, geçen ýyllarda bir otagly jaýlar 20-25 müň amerikan dollaryna, iki otagly jaýlar 30-35 müň amerikan dollaryna satylan bolsa, häzir bir otagly jaýy onuň ýerleşýän ýerine we ululygyna görä 10-15 müň amerikan dollaryna satyn alyp bolýar. Iki otagly jaýlar bolsa indi 20-23 müň amerikan dollary aralygynda satylýar.

Bildirişlerde görkezilen nyrhlara görä, şäheriň himikler köşgi diýip atlandyrylýan etrapçasyndaky üç otagly jaýlary häzir 30-33 müň amerikan dollaryna barabar nyrhdan satyn almak mümkin. Degişlilikde, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, Türkmenabatda satuwa hödürlenýän jaýlaryň bahasynyň 40-50% çemesi pese düşendigini görmek mümkin.

Gozgalmaýan emläk bazarynda araçy bolup işleýänleriň aýtmagyna görä, şäheriň Bahar, Merkezi, Gagarin, Üç punkt ýaly etrapçalarda beýleki etrapçalar bilen deňeşdirilende, jaýlar gymmatrak satylýar.

“Sebäbi olar orta mekdepleriň, çagalar bagynyň golaýynda ýerleşýär, şeýle-de, bu jaýlar täze gurulan” diýip, Türkmenabatda jaý söwdasy ugrundan işleýän 40 ýaşly Arslan aýdýar.

Esasan hususy eýeçilikdäki bu jaýlaryň arzanlamagynyň dürli sebäpleriniň bolmagy çak edilýär. Bir tarapdan, ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmaga resmi rugsadyň berilmeginiň bahalaryň peselmegine getiren bolmagynyň ähtimaldygy aýdylýar, beýleki bir tarapdan, ilata mellek ýerleriniň paýlanmagy hem şäher jaýlarynyň bahasynyň arzanlamagyna täsir eden bolmagy mümkin diýilýär.

“Häzirki wagtda adamlar öz jaýlaryny hususylaşdyrýarlar we üç-dört sany jaýy

bolan adamlar öz jaýlaryny satyp, täze mellek ýerlerini alýarlar ýa-da bolmasa nagt pula mätäç bolanlar jaýlaryny satmaga mejbur bolýarlar” diýip, emläk söwdasy bilen meşgullanýan 45 ýaşlaryndaky türkmenabatly Ahmet aýdýar.

Ahmediň pikirine görä, esasy sebäpleriň ýene biri dollaryň gytçylygy we gara bazardaky nyrhynyň galmagy bilen bagly.

Şeýle-de, Türkmenabatda jaý satýanlaryň arasynda daşary ýurtlara göçüp gitmekçi bolýanlaryň hem köpelendigi, netijede satuwa çykarylan jaýlaryň köpelmeginiň nyrhlaryň arzanlamagyna sebäp bolýandygy aýdylýar.

Daşary ýurtlara göçüp gitmekçi bolýanlaryň arasynda ruslar, ukrainler, gazaklar we beýleki etniki azlyklaryň wekilleri bar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan 50 ýaşlaryndaky Marina öz çagalarynyň Russiýa gidip, şol ýerde galandygyny, şu sebäpden özüniň hem jaýyny satyp çagalarynyň ýanyna gitmek isleýändigini gürrüň berdi.

“Meniň üç otagly jaýym üçin 30 müň dollar berseler bolýar” diýip, Marina aýtdy. Emma Marina satan jaýynyň puluny ýurduň daşyna alyp gitmegiň aladasyny-da edýär we häzirki wagtda ýurdyň daşyna adam başyna diňe 10 müň amerikan dollaryny alyp gidip bolýandygyny aýadýar.

Hususy jaýlaryň bahasynyň pese gaçmagyna garamazdan, hökümet tarapyndan ilata 30 ýyllyk ipoteka bilen satylýan jaýlaryň bahasynda arzanlama göze ilmeýär.

XS
SM
MD
LG