Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rozenblum: Geçiş döwri Özbegistana mümkinçilik döredýär


ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça geňeşçisi Daniel Rozenblum, ABŞ-nyň Daşkentdäki ilçihanasynda, 6-njy sentýabr, 2016.
ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça geňeşçisi Daniel Rozenblum, ABŞ-nyň Daşkentdäki ilçihanasynda, 6-njy sentýabr, 2016.

Daniel Rozenblum geçiş döwrüň Özbegistan üçin halkara sahnasynda ornuny berkitmek üçin mümkinçilik berýändigini aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça geňeşçisi Özbegistana eden saparynyň dowamynda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň Kerimowyň ýogalmagy bilen bagly gynanç hatyny gowşurdy.

6-njy sentýabrda Daşkentde žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Rozenblum “Biz ýurduň ýolbaşçylygynda islendik üýtgeşikligiň çylşyrymlylyk döredýändigini bilýäris, emma şeýle geçiş döwürler ýurduň ýagdaýa öwrenişmek we has güýçli bolmak üçin ýol tapmaga mümkinçilik bolýar” diýdi.

“Biz gatnaşyklarymyzyň we partnýorlygymyzyň geljekki ýyllarda ýaýbaňlanmagyna we pugtalanmagyna garaşýarys” diýip, Rozenblum belledi.

XS
SM
MD
LG