Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Aeroportdaky proseduralar we tejribeleriňiz


Aeroport

Aeroport

Azatlyk Radiosyna gelip-gowuşýan hatlaryň aglabasynda Aşgabadyň aeroportynda durmuşa geçirilýän proseduralaryň daşary ýurtlara gidip-gelýän raýatlara ýetirýän täsirleri barasynda söz açylýar. Hatlarda Aşgabadyň aeroportynda ylaýta-da Türkmenistanyň migrasiýa gullugynyň işgärleriniň tutumlarynyň raýatlara has ýiti täsir edýändigi bellenilýär.

Ýogsa-da daşary ýurda gitmek isleýänler we daşary ýurtdan gelýänler Aşgabadyň aeroportynda nähili proseduralar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar? Daşary ýurtlara gidýän we ýurda dolanýan raýatlar Aşgabadyň aeroportyndaky prosedulardan nähili baş alyp çykýarlar? Bu ugurda Azatlyk Radiosyna hat üsti bilen ýüz tutýanlaryň islegleri, teklipdir-bellikleri we tejribeleri näme?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Aşgabadyň aeroportyndaky proseduralara we ýolagçylaryň başdan geçirýän tejribelerine gönükdirýär. Bu temadaky gepleşige gatnaşmak isleýänler hat@azatradio.org ýa-da metbugat@gmail.com elektronik hat salgylarynyň üsti bilen aragatnaşyga geçip biler.

Bu tema bilen baglanşykly teswirleriňizi bolsa aşakdaky foruma ýazyp bilersiňiz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG