Sepleriň elýeterliligi

27-nji awgustda Helsinkidekä dünýä meşhur neýrohirurg Ýuha Hernesniemä öýleden soň sagat iki töwereklerinde Orta Aziýadan gyssagly jaň edilýär.

Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow beýnä gan inme sebäpli Daşkentde keselhana düşüpdir.

Özbek hökümetiniň resmi medisina hasabatynda aýdylyşyna görä, ondan takmynan iki sagat ozal Daşkent wagty bilen öýleden öň sagat 9-da bihuş ýatan Kerimow Merkezi kliniki keselhana äkidilipdir. Ol ýerde hem kelle çanagy skaner bilen barlanyp, onuň beýnä gan inmeden ejir çekenligi anyklanypdyr.

Kerimowyň ýüregi urmadan galypdyr. Ýöne resmi medisina hasabatynda aýdylyşyna görä, medisina topary 20 minutdan soňra onuň ýüregini gaýtadan ýola goýupdyr.

Kerimow "atoniki komada" saklanyp, beýni ösüntgisiniň funksiýasy çäklendirip, ýaşaýyş goldawy diliýän enjam bilen oňa dem aldyrylypdyr.

Özbek häkimiýetleri Hernesnieminiň çalt Daşkende gelip, prezidentiň ýagdaýyna seretmegini, mümkin bejergi - eger zerur bolsa beýni operasiýasy hakda hem - maslahat bermegini sorapdyrlar.

Lukman barmaga razylyk beren badyna bir hususy uçar ony Helsinkiden alyp, ilki Germaniýada togtapdyr, ol ýerden hem göni Özbegistana alyp gidipdir.

Hernesniemi 28-nji awgustda Daşkanediň Merkezi kliniki keselhanasynda Kerimowyň ýatan ýerine barypdyr.

Ol Finlandiýanyň "Yle" telekanalyna "iş-işden geçendigi" bellidi, sebäbi Kerimowyň beýnisi eýýäm öldüpdir diýdi.

Lukman özüniň professinal pikirini bildirip, "häzirki ýagdaýda operasiýanyň peýdasy ýok", bejergini dowam etdirmekden hem peýda ýok diýipdir.

Hernesniemi germaniýaly we orsýetli medisina ekspertleri pikirlerini aýdanlarynda özüniň keselhanada bolandygyny aýdýar.

Özbek hökümetiniň resmi hasabatynda Germaniýanyň we Orsýetiň ekspertleriniň pikirleri soralandygy aýdylýar. Resmi medisina hasabatyndan belli bolşy ýaly, Kerimowyň ýagdaýy hakda Monakonyň Kardiotorakik merkeziniň medisina direktory Gilles Dreýfusyň hem pikiri soralypdyr.

Hernesnieminiň "Yle" telekanalyna aýtmagyna görä, "güýç-gudrat ugrundaky oýun" ekspertler pikirlerini aýdan badyna başlanypdyr.

Bu barada köpräk maglumat soralanda lukman özüniň Ispanyiýanyň diktatory Fansisko Frankonyň we Ysraýylyň premýer-ministri Ariel Şaronyň ölümi ýaly ýagdaýlary göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Syýasy taýdan möhüm hasaplanylýan bir adam ölýär, ýöne ol bir enjama baglanyp, kliniki taýdan diri saklanýar. Onsoň beýlekiler onuň oruntutary hakda gerekli çäreleri görýärler.

Kerimow hem Özbegistanyň garaşsyzlygynyň 25-nji ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaranyň dowamynda şeýdip diri saklandy.

31-nji awgustda hem ol öldi diýen myş-myşlar ýaýrap ýörkä döwlet telekanalynda garaşsyzlyk güni mynasybetli onuň sözlän sözi okaldy.

Kerimowyň saglyk ýagdaýy ýa onuň näme üçin keselhana düşendigi hakda hökümet tarapdan berlen resmi beýanat bolman onuň beýnä gan inmekden ejir çekenligi we ýagdaýynyň indi hem "durnuklydygy" hakda jemgyýetçiligi habarly eden gyzy Lola Karimova-Tillýaýeva boldy.

Ol şeýle hem Kerimowyň şindi-de diridigini we "sagalma" mümkinçiligiň bardygyny duýdurdy.

2-nji sentýabrda Özbegistanyň garaşsyzlyk gününiň baýramçylygy tamamlanansoň Kerimowyň saglyk "ýagdaýynyň agyrdygy" aýdyldy.

2-nji sentýabr güni öýlden soň sagat 8:55-de hem onuň ölendigi resmi taýdan yglan edildi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG