Sepleriň elýeterliligi

Eýran Saud Arabystanyny “çydamsyz ekstremizmde” aýyplady


Eýranyň daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarif

Eýranyň daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarif

Eýranyň daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarif saud häkimiýetlerini Eýranyň şu ýylky haj zyýaratyndan çekilmeginiň daşyndaky söz dawasynda “çydamsyz ekstremizmde” aýyplady.

“Hakykatda eýranlylaryň we musulmanlaryň köpüsiniň şeýle-de wahhabitleriň we saudi terror ussatlarynyň wagyz edýän çydamsyz ekstremizminiň arasynda hiç hili meňzeşlik ýok” diýip, Zarif 6-njy sentýabrda Twitter arkaly aýtdy.

Onuň bu pikiri Saud Arabystanynyň baş ruhanysy, baş müfti Abdulaziz al-Şeihiň aglabasy şaýylar bolan eýranlylar “musulman däl” diýip aýtmagynyň yzýany orta atyldy.

Saud ruhanysy, bolsa, Eýranyň baş lideri Aýatolla Ali Hameneiniň sünnileriň ýolbaşçylygyndaky Saud Arabystanynyň musulmanlaryň mukaddes şäherleri Mekkä we Medina haj zyýaratynyň guramaçylygyny tankyt etmegine jogap berdi.

Eýran şu ýyl 10-njy sentýabrda başlanýan haj zyýaratyna öz zyýaratçylaryny ibermeýändigini we saud resmileri bilen howpsuzlyk barada gepleşikleriň şowsuzlyga uçrandygyny aýtdy.

2015-nji ýylyň haj zyýaratynyň dowamynda basa-baslyk zerarly azyndan 2297 zyýaratçy wepat bolupdy, olaryň ýüzlerçesi eýranlylardy.

XS
SM
MD
LG