Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krym: Tanymal tatar aktiwisti ruhy hassahanadan boşadyldy


Ilmi Umerow, Krym
Ilmi Umerow, Krym

Krym tatarlarynyň ady belli aktiwisti Orsýet tarapyndan basylyp alnan Krymyň ruhy hassahanasyndan boşadyldy.

Krym tatarlarynyň öz-özüni dolandyryjy edarasy Mejlisiň başlygynyň öňki orunbasary Ilmi Umerow Moskwanyň Krym ýarymadasyny 2014-nji ýylyň mart aýynda Ukrainadan bölüp güýç bilen öz düzümine goşmagyny tankyt edip, maý aýynda eden çykyşyndan soň separatizmde aýyplanypdy.

Awgustda Umerow güýç bilen bir aýlyk barlaglar üçin ruhy hassahana salnypdy.

Umerowyň garyndaşlary we aklawçylary onuň 7-nji sentýabrda keselhanadan boşadylandygyny aýtdylar.

Aklawçy ýürek, gant we parkinson kesellerinden ejir çekýän öz müşderisiniň ýürek keselleri boýunça hassahana ýerleşdirilmegi ugrunda tagalla edýändigini mälim etdi.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar Krymyň orsýetçi häkimiýetlerini Umerowa garşy aýyplamalary ýatyrmaga we oňa zerur medisina kömegini bermäge çagyrdylar.

Moskwada ýerleşýän “Memorial” guramasy Umerowa garşy aýyplamalary syýasy matlaply diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG