Sepleriň elýeterliligi

Rioda 2016-njy ýylyň Paralimpia oýunlary başlanýar


Rio de Janeiro, 6-njy sentýabr, 2016

Rio de Janeiro, 6-njy sentýabr, 2016

Braziliýanyň Rio de Janeiro şäheri 2016-njy ýylyň Paralimpia oýunlarynyň açylyşyna taýýarlanýar.

Marakana stadionyndaky açylyş dabarasy Günorta Amerikanyň ilkinji Olimpia oýunlarynyň odunyň söndürilmeginden üç hepde geçensoň geçiriler.

11 günläp dowam etjek bu waka dünýäniň 161 ýurdunyň dört müň çemesi sportsmeni gatnaşar. Emma Orsýetiň topary gatnaşmaýar.

Derňewleriň netijesinde Moskwanyň sportda döwlet tarapyndan dolandyrylýan doping programmasyny alyp barýandygy anyklanansoň Orsýetiň tutuş paralimpia toparyna Braziliýada geçirilýän bu halkara ýaryşyna gatnaşmak gadagan edildi.

Paralimpia ýaryşyna sport ýyldyzlarynyň arasynda eýranly ştangaçy Siamand Rahman, britaniýaly Dawid Weir we hytaýly Liu Çuiking gatnaşarlar.

XS
SM
MD
LG