Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Trump Klinton Orsýet babatynda ukypsyz diýdi


(Çepden saga) Donald Trump, Wladimir Putin we Hillari Klinton

(Çepden saga) Donald Trump, Wladimir Putin we Hillari Klinton

ABŞ-nyň prezidenti wezipesine Respublikan partiýasynyň dalaşgäri Donald Trump öz bäsdeşi Hillari Klintonyň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýaly garşydaşlary bilen gidişmäge ukypsyzdygyny aýtdy.

“Hillari Orsýet bilen berk oýnamagy gowy görýär. Putin oňa seredýär we gülýär” diýip, Trump 6-njy sentýabrda Wirginiada geçiren kampaniýasynyň dowamynda aýtdy.

Trump Klinton babatyndaky bu çykyşyny demokratlaryň ony Orsýeti kiber hüjümler arkaly ABŞ-nyň saýlawlaryna goşulyşmaga ündemekde aýyplamagynyň yzýany etdi.

Klinton bilen bilelikde saýlawlara gatnaşyp, wise-prezident wezipesine dalaş edýän Timoti Kaine Klintonyň Putin bilen “berk gepleşiklerde” “ýüzbe-ýüz” durup bilýändigini eýýäm subut edendigini aýtdy.

Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow ABŞ-nyň iki kandidatynyň Orsýet boýunça edýän özara çykyşlaryny “gülkünç” diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG