Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan Bütindünýä çarwa oýunlaryny geçirýär


Gyrgyzystan Bütindünýä çarwa oýunlaryny geçirýär

Gyrgyzystan Bütindünýä çarwa oýunlaryny geçirýär

Gyrgyzystan Bütindünýä çarwa oýunlaryny geçirýär. 3-nji sentýabrda başlanan we iki hepdeläp dowam etjek bu ýaryşlara çarwaçylyk däp-dessurlaryna eýe bolan 40 ýurduň, şol sanda Orsýetiň we ABŞ-nyň wekilleri gatnaşýarlar.

Bütindünýä çarwa oýunlary bürgütli aw awlamak we aşyk sülmek ýaly çarwalaryň däp-dessurlarynyň ýitip gitmeginiň öňüni almak maksady bilen esaslandyrylypdy.

Oýunlaryň jemleýji tapgyrynda at üstünde ýaryş geçirilýär. “Kok-boru” atly oýun adamlaryň öz malyny gurtlardan saklamak üçin awçylyk eden döwründen saklanyp galdy.

Bütindünýä çarwa oýunlaryna amerikan kino ýyldyzy Stewen Seagal hem tomaşa edýär. “Maňa ýörite myhman hökmünde hormat edip, goýnuň kellesini dadyp görmäge mümkinçilik döreden we atyň etini bişirip beren dostlarymy görenime örän şat” diýip “Habar” täzelikler agentligi Seagalyň aýdandygyny habar berýär.

XS
SM
MD
LG