Sepleriň elýeterliligi

Pakistan türkmen toguny gymmat görýär


Türkmen resmileri jaýalarda elektrik ölçeýjileriň oturdylmagyny talap edýär.

Türkmen resmileri jaýalarda elektrik ölçeýjileriň oturdylmagyny talap edýär.

Pakistan Türkmenistanyň elektrik eksport etmek üçin aýrybaşga geçiriji liniýasyny gurmak plany baradaky teklibini ret etdi.

Türkmenistan elektrik energiýasyny ýakyn goňşulary Eýrana we arzanladylan bahadan Owganystana eksport edýär hem-de elektrik eksportyny geljekde has giňeltmegi maksat edinýär.

“The Express Tribune” neşiriniň 7-nji sentýabrda ýazmagyna görä, Pakistan Aşgabadyň aýrybaşga planyna derek, Türkmenistandan Merkezi Aziýa Günorta Aziýa (Casa) elektrik geçiriji proýektine goşulmagy sorapdyr. Bu proekt 1000 megawatt möçberinde elektrik üpjünçiligini nazarda tutýar.

Pakistan, "Casa" proýekti astynda, Täjigistandaky we Gyrgyzystandaky eksportçylara geçiriji liniýasynyň tölegini tölemeli,eger geçiriji gyş aýynda ulanylsa we bu çeşmelerden iberilýän elektrik peselse, tölegler arzanlar we bu proýekt has amatly bolar diýip, pakistan neşiri bilen gürrüňdeş bolan resmi aýdypdyr.

Aşgabadyň teklip edýän aýrybaşga elektrik geçirijisi Yslamabat tarapyndan amatly hasaplanylmaýar, sebäbi türkmen elektrigi gaz ulanmak esasynda öndürilýär we bu Pakistana gymmat düşýär diýip, “The Express Tribune” neşiri bilen söhbetdeş bolan resmi aýdypdyr.

Resmi habarlara görä, Aşgabatda 8-10-njy sentýabr aralygynda geçiriljek halkara konferensiýada Türkmenistanyň Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna elektrik energiýasyny ibermek mümkinçilikleri ýa-da bu ugurda oýnap biljek roly barada maslahat ediler.

Resmi maglumatlarda häzir Türkmenistanda öndürilýän elektrik energiýasyny Täjigistana we Gazagystana, Pakistana we kawkaz ýurtlaryna ibermek meselelerine seredilýändigi aýdylýar.

Ýöne döwlet eýeçiligindäki metbugat bu diýilýän ugurlar boýunça elektrik liniýalaryny çekmegiň detallary ýa gepleşikler, mümkin bolan ylalaşyklar barada anyk bir maglumat bermeýär.

Merkezi Aziýa Günorta Aziýa elektrik geçirijisi proekti bölekleýin ýagdaýda, zerur bolan infrastrukturany gurmakesasynda amala aşyrylmaly we Merkezi Aziýanyň elektrik serişdeleriniň bir bölegini barha ösýän elektrik talabyny ödemek üçin Günorta Aziýa getirmeli.

Has anygy, «Casa-1000» proekti tomsuna Gyrgyzystandan we Täjigistandan Owganystana we Pakistana 1,300 megawattelektrik getirer.

Pakistan neşiri Täjigistanyň müňden gowrak derýasynyň we kölleriniň bardygyny, bu ýurduň elektrik öndürijiliginiň soňky 15 ýylda durnukly ösýändigini ýazýar.

Türkmenistan barada aýdylanda bolsa, prezident Berdimuhamedowyň hem tassyklamagyna görä, ýurduň regionlarynda elektrik üpjünçiligi babatda heniz edilmeli işler az däl.

XS
SM
MD
LG