Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenler çarwa oýunlarynda 8 altyn medal gazandy


Bütindünýä çarwa oýunlary, Gyrgyzystan, sentýabr, 2016.
Bütindünýä çarwa oýunlary, Gyrgyzystan, sentýabr, 2016.

Türkmenistan Gyrgyzystanda geçýän Bütindünýä çarwa oýunlarynda göreş boýunça sekiz sany altyn medal gazandy.

Bu halkara ýaryşynyň çäginde 7-nji sentýabrda “alyş” ýagny erkin göreş boýunça geçirilen bäsdeşlikde Türkmenistan üçin dört altyn medaly aýallar we dört medaly erkekler gazanypdyr. Bäsdeşlige 34 ýurtdan 140 sportsmen gatnaşypdyr.

Gyrgyzystanda 3-nji sentýabrda başlanan we iki hepdeläp dowam etjek Bütindünýä çarwa oýunlaryna çarwaçylyk däp-dessurlaryna eýe bolan 40 ýurduň, şol sanda Orsýetiň we ABŞ-nyň wekilleri gatnaşýarlar.

Gyrgyzystanyň inisiatiwasy bilen döredilip, Merkezi Aziýa halklarynyň çarwa milli sport görnüşlerini öz içine alýan bu halkara ýaryşy birinji gezek 2014-nji ýylyň sentýabrynda Yssyk kölde geçirilipdi we oňa jemi 17 ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri gatnaşypdy.

XS
SM
MD
LG