Sepleriň elýeterliligi

Ermenistanyň hökümet baştutany wezipesinden çekildi


Ermenistanyň premýer-ministri Howik Abrahamian

Ermenistanyň premýer-ministri Howik Abrahamian

Ermenistanyň premýer-ministri Howik Abrahamian ýurduň ykdysady kynçylyklar we raýat närazylygyny bildirmek boýunça çykyşlar bilen ýüzbe-ýüz bolýan döwründe wezipesinden çekilmek kararyny yglan etdi.

“Bize täze ýollar we täze başlangyç gerek” diýip Abrahamian 8-nji sentýabrda ministrler kabinetiniň maslahatynda aýtdy. Şeýle-de ol “biz geljek barada pikir etmeli we täze hökümeti düzmeli”, diýip belledi.

Mundan birnäçe hepde ozal prezident Serž Sarkisian milli bütewilik hökümetini düzmegi teklip edipdi.

Abrahamian premýer-ministr wezipesine iki ýyl mundan ozal bellenipdi, emma Kawkaz ýurdunyň ykdysadyýeti geçen ýylda güýçli pese gaçypdy.

Bu ýagdaý Ermenistanyň Orsýetden kömege we maýa goýumlaryna mätäçligini güýçlendirdi.

Ermeni mediasy Abrahamianyň ýerine paýtagyň öňki häkimi we milli gaz kompaniýasynyň öňki başlygy Karen Karapetianyň bellenmeginiň ähtimaldygyny habar berýär.

XS
SM
MD
LG