Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanyň wagtlaýyn prezidenti wezipesine Mirziýoýew bellendi


Şawkat Mirziýoýew

Şawkat Mirziýoýew

Özbegistanyň prezidenti wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji edilip Şawkat Mirziýoýew bellendi. Interfaks agentligine görä, ýurduň premýer-ministri bolan Mirziýoýew prezident wezipesine 8-nji sentýabrda milli parlamentiň ýokarky we aşaky öýleriniň bilelikdäki maslahatynda bellenipdir.

Özbegistanyň konstitusiýasyna laýyklykda, prezidentiň ýogalan ýa-da işe ukypsyz bolan ýagdaýynda parlamentiň ýokarky öýi Senatyň ýolbaşçysy üç aýlyk möhlet bilen prezidentiň ygtyýarlygyny öz eline almalydy.

Senatyň başlygy Nigmatulla Ýuldaşew bu wezipä 2015-nji ýylyň ýanwar aýynda bellenipdi.

Ýurduň täsirli lideri Yslam Kerimowyň aradan çykmagynyň yzýany parlamentiň geçirilen maslahatynda prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji edilip Mirziýoýewi bellemek kararynyň sebäbi nämälim galýar.

Özbegistana 1989-njy ýyldan başlap ýolbaşçylyk eden Yslam Kerimow 78 ýaşynda aradan çykyp, 3-nji sentýabrda öz dogduk şäheri Samarkantda jaýlandy.

XS
SM
MD
LG