Sepleriň elýeterliligi

Eýran Türkmenistana haryt eksporty üçin demirýola ünsi artdyrýar


Eýranyň demirýollary

Eýranyň demirýollary

Türkmenistana eksport üçin demorýoly ulanmak isleýän eýranlylaryň sanynyň köpelendigini “Eýran demirýollarynyň” başlygy Mohsen Purseýed Agaýä salgylanmak bilen eýran metbugaty habar berýär.

Bu ýagdaýyň Türkmenistanyň Eýrandan barýan ýük ulaglara gümrük salgytlaryny ýokarlandyrmak baradaky ýakynky kararyndan soň emele gelendigi maglumatda aýdylýar.

“Bize her gün Türkmenistana demirýol arkaly 20-30 konteýneri eltmegi sorap ýüz tutýarlar”, diýip Iran.ru neşri eýran resmisi Mohsen Purseýed Agaýini sitirleýär.

Awgust aýynyň başynda Eýranyň resmileri Türkmenistanyň öňünden duýdurmazdan eýranly ýük ulaglar üçin gümrük salgydyny 3.5 esse artdyrandygyny aýdyp, bu ýagdaýyň halkara transport konwensiýasyna ters gelýändigini aýdypdylar.

Käbir maglumatlarda Eýranyň 70 müň çemesi ýük ulagynyň ýylda Türkmenistana geçýändigi, şeýle-de Türkmenistandan Eýrana 20 müň çemesi ýük ulagyň geçýändigi habar berilýär.

2015-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistan, Eýran we Gazagystan uzynlygy 926 kilometrlik özara demirýoluny işe girizdiler. Resi maglumatlara görä, geljekde bu demir ýol arkaly ýylda 10-12 million tonna ýüküň daşalmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG