Sepleriň elýeterliligi

Burkini geýenleriň jerimelerini töleýän işewür


Illýustrasiýa

Illýustrasiýa

Ýewropada käbir syýasatçylaryň musulman zenanlaryň eginbaşlaryny gadagan etmäge synanyşýan döwründe, bir işewür muňa garşy göreşmegiň täsir ugruny oýlap tapypdyr.

Rajid Nekkaz atly alžirli baý işewür we adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Fransiýada burkini geýeni üçin jerime salnan musulman zenanlarynyň jerimelerini tölemäge söz beripdir.

“Jerimeleri özüm tölejekdirin”

Nekkaz: “Zenanlaryň burkini geýmek azatlygyny ýola goýmak we hemme zatdan owal, şeýle rehimsiz hem adalatsyz kadanyň iş ýüzüne geçirilmegine garşy göreşmek üçin, olara salynýan jerimeleriň hemmesini özüm tölemegi ýüregime düwdüm” diýipdir.

Fransiýanyň käbir plýažlarynda burkiniň gadaganlygy, Pariž syýasatçylarynyň dini egin-eşiklere garşy golaýda amala aşyran bir çäresidir.

Fransiýa 2011-nji ýylyň aprel aýynda burkini bilen nikaby gadagan eden ilkinji Ýewropa ýurduna öwrülipdi. Burkini – musulman aýal maşgalanyň tutuş bedenini ýüzünden, eliniň we aýagynyň ujyndan galan ýerini örtýän plýaž eginbaşydyr. Hijap bolsa zenanyň kellesini tutuşlugyna ýapyp, diňe göz hanasyny açyk goýýan bir atynja.

Gadaganlyk kanunyny pozanlar 150 ýewro (205 ABŞ Dollary) jerime tölemeli bolýarlar ýa-da jemgiýetçilik jezalary berilýär.

Geçen ýyl fransuz Riwýerasynda ýerleşýän, kinofilm festiwallarynyň üsti bilen meşhurlyk gazanan Kann şäherinde dini plýaž eginbaşy geýmek gadagan edilipdi.

38 ýewro jerime

Kann şäher häkimliginiň beren maglumatyna görä, 28-nji iýuldan başlap 31-nji awgusta çenli güýje girizilen burki gadaganlygyny bozanlara 38 ýewro (ABŞ-yň 42 dollary) möçberinde jerime salynmaly edilipdir.

Burki gadaganlygy aslynda owalky prezident Nikolas Sarkozy döwründe girizilipdi. Sagçy merkezi respublikaçylar partiýasynyň lideri bolan Sarkozy geçen hepde eden çykyşynda, geljek ýyl täzeden prezidentlige dalaşgär boljakdygyny mälim etdi.

Londondaky City uniwersitetiniň din we syýasat ugrundan kämilleşen professory Sara Silwestri CNN-e beren interwýusynda, bu gadaganlaryň aslynda ekstremistlere has köp peýda edýändigini belläpdi.

“Bu kanunlaryň netijesinde musulmanlar özüni ýekirilip, jemgiýetden çetleşdirilen ýaly duýýarlar, bu olaryň jemgiýete utgaşyklylygyna we ukyplylygyna ýaramaz täsir edýär. Şeýlelik-de, bu olaryň radikal toparlara goşulmagyna sebäp bolup bilýär”diýip, Sara Silwestri nygtady.

“Nädogry düşünipdirler”

Işewür Nekkazyň sözlerine görä, “Çarli Hedbo” we Nitsa hüjümlerinden soň käbir syýasatçylar halkyň arasynda ýaýbaňlanan yslama garşy pikirlerden peýdalanyp, Fransiýada käbir azatlyklary çäklendirmäge synanyşyk edýärler. Ol muňa “kabul edip bolmajak rehimsiz hereket” diýip baha berdi.

“Men Fransiýa, Belgiýa, Şwetsariýa, Niderlandiýa ýa-da Germaniýa ýaly uly döwletleriň şeýle yslam gorkusyndan peýdalanyp, käbir raýat azatlyklaryny çäklendirmegini kabul etmeýärin” diýip, Nekkaz öz nägileligini bildirdi.

Şu aýda Germaniýanyň Içeri işler ministri Tomas de Maizier eden bir çykyşynda, ýurtda howpsuzlygy we milli bitewiligi doly ýola goýmak üçin, jemgiýetçilik ýerlerinde raýatyň bedenini tutuşlygyna ýapýan eginbaşlaryň gadagan ediljekdigini aýdypdyr. Muňa mekdepler bilen döwlet edaralaryna hem degişli boljagyny mälim edilipdir.

Burkini oýlap tapan Aheda Zanetti bolsa, ýagdaýa “nädogry düşünipdirler” diýip baha berýär.

“Syýasatçylar indi zenanlaryň plýažlarda geýinýän eginbaşyna hem goşulyşýarlar, men muňa ynanyp bilemok dogrusy” diýip, ol CNN-e beren interwýusynda aýdypdyr.

Satuwy ýüzden 90 göterim ýokarlanypdyr

“Bu zenanlaryň haýsam bolsa bir sebäpden saýlap alan pozitiw maksatly eginbaşydyr. Bu eginbaş gaty owadan görünýär. Meniň pikirime görä ol (Kann şäher häkimi Dawid Lisnard) bütewilikde garanyňda bu plýaž eginbaşynyň maksadyna nädogry düşünipdir” diýip, Aheda Zanetti öz garaýyşyny beýän edýär.

Burkini we hijap ýaly eginbaşlary satýan “Ahiida” atly firmanyň gurujysy we hojaýyny bolan ol zenan dizaýnerer, şol bir wagtyň özünde bu gadaganyň biznese oňaýly täsir edendigine üns çekipdir. Ol burkini satuwynyň hasam ýokarlanandygyny mälim edipdir.

Ol zenan dizaýner: “Geçen hepde satuwlar ýüzden 90 göterim ýokarlandy... Lisnard maňa gaty uly ýagşylyk etdi” diýipdir.

Alžirli işewür Nekkaz bolsa: “Meniň wezipäm beýik Ýewropa demokratlaryna bir zady ýatlatmakdyr, ýagny bu beýik demokratiýalary döreden esasy azatlyklara hormat goýulmalydyr” diýip belläpdir. Onuň özi bolsa yslamy egin-eşik geýmeýän bir zenana öýlenipdir.

“Bu zenanlar bilen ýaşamaga razy däl...”

Nekkaz şol bir wagtyň özünde, şeýle alada edýändigine garamazdan hijap, nikap ýa-da burkininiň Ýewropa jemgiýetlerine utgaşykly ýagdaýa getirmäge synanyşmagyň oňaýly ugurdygyna ynanmaýar. “Ýöne beýik fransuz filosofy Wolteiriň aýdyşy ýaly, men bu zenanlar bilen jemgiýetde bile ýaşamaga razylaşmaýan bolsam-da, hut olaryň pikir azatlygyny üpjün etmek üçin, tä ölýänçäm göreşerin” diýip, 2013-nji ýylda Fransiýanyň raýatlygyndan ýüz öwüren Nekkaz nygtapdyr.

Adam hukuklary ligasynyň Kann-Qrass şahamçasynyň başlygy Herwe Lawissiň sözlerine görä, Fransiýanyň burkini gadaganlygy oňaýsyz netije berer. Şeýlelik-de, “adamlary ysnyşdyrmagyň deregine, gaýtam dartgynlylygy hasam ýokarlandyrar”.

Şu wagta çenli 15 zenan Nekkaza ýüz tutup, özüniň jerimesini tölemäge kömek sorapdyr.

Nekkaz, gadaganlygyň möhleti gutarýança, ýagny awgurt aýynyň ahyryna çenli jerimeli adam sanynyň ýüze golaýlamagyna garaşylýandygyny bildiripdir.

XS
SM
MD
LG