Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp: Putin meni öwse, menem ony öwerin


(Ç-S) Donald Tramp, Wladimir Putin we Hillari Klinton
(Ç-S) Donald Tramp, Wladimir Putin we Hillari Klinton

ABŞ-nyň respublikan prezidentlige kandidaty Donald Tramp ýene bir gezek rus prezidenti Wladimir Putini öwdi we onuň ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamadan gowy ýolbaşçy bolandygyny aýtdy.

Tramp 7-nji sentýabrda, NBC-de, Matt Lauer tarapyndan alnyp barlan prezidentlik forumynda Putiniň «liderliginiňgowudygyny» aýtdy. Bu forumda ol demokratlaryň prezidentlige kandidaty Hillari Klinton bilen bilelikde, aýry-aýry ýagdaýda, milli howpsuzlyk meseleleri barada berk soraglara jogap bermeli boldy.

Tramp Putiniň "öz ýolbaşçylyk edýän ýurduna berk kontrollyk edýändigini» aýtdy. "Bu örän başga sistema, men ol sistemany halamaýaryn. Emma ol şol sistemanyň içinde biziň prezidentimiziň ýolbaşçylyk edişinden gowy ýolbaşçylyk edýär" diýip, Tramp sözüniň üstüni ýetirdi.

Ol, eger Ak tama saýlansa, ABŞ bilen Orsýetiň arasyndaky dartgynlyklary nähili köşeşdirjekdigi barada berlen soraga, "Men Putin bilen örän we örän gowy gatnaşykda bolaryn, şeýle-de men Orsýet bilen örän we örän gowy gatnaşykda bolaryn" diýip jogap berdi.

Tramp Moskwanyň hem, edil Waşingtonyň isleýşi ýaly, «Yslam döwleti» jeňçi toparyny weýran etmek isleýändigini aýtdy we Yrakdaky we Siriýadaky jeňçi topary ýeňmek üçin Orsýet bilen işleşmek niýetini ýene bir gezek dile getirdi.

"Eger biz Orsýet bilen gatnaşykda bolup, bu meselede Orsýet bilen bile işlesek we «Yslam döwleti» toparyny bile ýyksak, bu gowy bolmazmydy?" diýip, Tramp sorady.

Tramp Putini we käbir diýdimzor erkekleri taryplamakda ýygy-ýygydan tankyt edilýär. Emma ol bu gylygyndan dänmedi we Putiniň özi baradaky öwgüli sözlerinden hoşal bolýandygyny aýtdy.

Rus prezidenti özüniň dekabrdaky metbugat ýygnagy mahalynda Trampy "ýarkiý", ýagny başgalardan saýlanýan, görnükli şahsyýet hökmünde häsiýetlendirdi.

Tramp, «eger Putin men hakynda gowy zatlar aýtsa, menem ol hakynda gowy zatlary aýdaryn» diýdi. Şol bir wagtda ol Putiniň öwgüli sözleriniň özüniň prezident hökmünde geljek kararlaryna täsir ýetirmejekdigini sözüne goşdy.

Biraz öň ABŞ-nyň harby harajatlarynyň has köpeldilmegini teklip eden Tramp Obama dolandyryşy wagty harby ýolbaşçylygyň juda peseldilendigini aýtdy.

Harby ofiserleriň we weteranlaryň öňünde çykyş eden Hillari Klinton döwlet sekretary bolup işlän mahalynda öz hususy elektron hyzmatyny ulanmagy we gizlin maglumatlara çemeleşişi bilen bagly soraglara jogap berdi. Ol öz hereketini gorap, «men edil öz etmeli zadymy etdim» diýdi we gizlin maglumatlara nädogry çemeleşmändigini ýaňzytdy.

Ýöne Klinton "Hususy elektron hasabynyň bolmagynyň ýalňyş bolandygyny» hem boýun aldy we indi beýle zada ýol bermejekdigini belledi.

Klinton, eger-de prezident saýlansa, amerikan goşunyny Yraga we Siriýa yzyna ibermezligi hem wada berdi.

"Biz «Yslam döwleti» toparyny Amerikanyň gury ýer goşunlaryny ibermezden hem ýeňeris" diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG