Sepleriň elýeterliligi

BTC-den akdyrylýan türkmen nebitiniň eksporty azaldy


Nebit tankerleri

Nebit tankerleri

Azerbaýjanyň Döwlet Nebit Kompaniýasynyň (SOCAR) berýän maglumatyna görä, BTC geçirijisi arkaly akdyrylýan türkmen nebitiniň eksporty awgustda geçen aý bilen deňeşdirilende 19,55% kemelipdir.

Berilýän sanlara görä, iýulda BTC arkaly 430,110 tonna nebit akdyrylan bolsa, awgustda bu görkeziji 246,020 tonna deň bolupdyr.

Azatlyk Radiosy bu soňky dörän ýagdaý dogrusynda nebit-gaz bilermeni Jon Roberts bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jon, azeri mediasynda Türkmenistanyň BTC geçirijisinden akdyran nebitiniň 20% çemesi peselendigi barada maglumat bar. Bu nämäniň alamaty? Türkmenistan çykarýan nebitiniň mukdaryny azaltdymy? Ýa-da ol ony başga ugur boýunça akdyrýarmy?

Jon Roberts: Men munuň uly ähmiýetiniň bardygyny çaklamaýaryn. Türkmenistan BTC geçirijisiniň üsti bilen her gün ortaça 400 müň barrel nebiti eksport edýär. Şeýle görkezijiler ýanwarda, fewralda we martda hasaba alyndy. Emma soňy bilen bu görkeziji bir peseldi, bir galdy. Meniň pikirimçe, bu adaty. Hawa, peseliş yzygiderli dowam edip, bu ýagdaý-da iki aýdan artyk wagt saklanyp galan bolsa, bu mesele dogrusynda käbir aladalar döräp hem bilerdi.

Garaz, men adatdan daşary bir üýtgeşmäni görmeýärin.

Azatlyk Radiosy: BTC geçirijisinden akdyrylan nebit Türkmenistanyň umumy nebit önümçiliginiň näçe paýyny düzýär?

Jon Roberts: Bu Türkmenistanyň nebit eksportydyr. Bizde köp maglumat ýok. Emma Türkmenistan öz serhedinde Eýran we belli bir derejede Özbegistan bilen nebit söwdasyny edýän bolmagy mümkin.

Emma ýurduň esasy nebit eksproty BTC ugry boýunça amala aşyrylýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň BTC arkaly akdyrýan nebitiniň mukdary barada näme aýdyp bolar? Bu uly görkezijimi?

Jon Roberts: Ýok, muňa uly mukdardaky nebit eksporty diýip bolmaýar. Türkmenistanyň nebit däl-de, gaz öndürýär.

XS
SM
MD
LG