Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Çagalaryň hukuklary boýunça komissary wezipesinden çekilýär


Orsýetiň çagalaryň hukuklary boýunça ba\ wekili Pawel Astahowyň

Orsýetiň çagalaryň hukuklary boýunça ba\ wekili Pawel Astahowyň

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýurduň çagalaryň hukuklary boýunça komissary Pawel Astahowyň wezipesinden çekilmegini kabul etdi, diýip Kreml habar berdi.

Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskowyň 9-njy sentýabrda aýtmagyna görä, 2009-njy ýylda wezipä bellenen Astahowyň ýerine Anna Kuznesowa bellener.

Alty çaganyň ejesi Kuznetsowa köp çagaly eneleri goramak boýunça ynsanperwer fonda ýolbaşçylyk edýär.

Astahowyň wezipesinden çekilmegi onuň 18-nji iýunda gämi heläkçiligi zerarly çagalaryň suwa gark bolan ýerine eden sapary sebäpli tankyda eýe bolmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Astahow şonda “suwa düşmek niçik boldy?” diýip aman galan 37 çagadan birine ýüzlenipdi. Şol gämi heläkçiliginde 14 adam wepat boldy. Çagalar Kareliýa regionynda dynç alýan wagtynda gaýykly köle syýahata çykypdy.

Astahow öz aýdan sözleriniň kontekstden bölünip, manysynyň ýoýulandygyny aýtdy, emma onlarça müň adam onuň çagalaryň hukuklaryny baş goraýjy wezipesinden çekilmegini talap edip petisiýa gol çekdi.

XS
SM
MD
LG