Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri, Lawrow Siriýadaky konflikti maslahat edýärler


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (ç) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (s), 9-njy sentýabr, 2016.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (ç) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (s), 9-njy sentýabr, 2016.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Siriýada ýaragly konfliktiň soňuna çykmaga ýardam berip biljek syýasy ylalaşygy maslahat etmek boýunça Ženewada gepleşiklere başladylar.

9-njy sentýabrda geçirilýän bu gepleşikleriň öňüsyrasynda Döwlet departamenti duşuşygyň “zorlugy azaltmak, Siriýanyň halkyna ynsanperwer kömegini artdyrmak we graždan urşy tamamlamak üçin zerur syýasy karara tarap ädimler” ýaly meselelere gönükdiriljekdigini aýtdy.

Waşington we Moskwa Siriýada bäş ýyl bäri dowam edýän we 400 müň çemesi adamyň ölümine sebäp bolan graždan urşunda dürli taraplary tutýarlar. Kreml Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady goldaýar, ABŞ Assadyň wezipesinden çekilmegini isleýän gozgalaňçy toparlara godaw berýär.

Kerri we Lawrow ABŞ-nyň we Orsýetiň Siriýada “Yslam döwleti” atly topara we beýleki ekstremistlere garşy göreşde harby hyzmatdaşlygy artdyrmak barada ylalaşyk boýunça soňky hepdelerde gepleşik geçirdiler.

XS
SM
MD
LG