Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystanynyň müftüsi eýranlylary musulman hasaplamaýar


Saud Arabystan şalygynyň müftüsi Abdulaziz Şeýh
Saud Arabystan şalygynyň müftüsi Abdulaziz Şeýh

Saud Arabystanynyň musulmanlarynyň baştutany bolam müftiniň “eýranlylar musulman däl” diýen beýannamasy Riýad bilen Tähranyň arasyndaky düşünişmezligi hasam ýitileşdiripdir. Eýranyň Daşary işler ministri Muhammad Jawid Zarif oňa jogap hökmünde aýdan beýannamasynda, eýran yslamynyň Sauw Arabystanynyň “wahhabi müftüsiniň” ekstremizmi bilen arabaglanşygynyň ýokdugyny nygtady.

Saud Arabystany şalygynyň müftüsi Abdulaziz Şeýh 6-njy sentýabrda Eýranyň ruhany lideri Aýatolla Said Ali Homaneýiniň geçen ýylky haj zyýaratynyň proseduralary barasynda eden çykyşyna beren jogabynda “eýranlylaryň musulman hasaplanmaýandygyny” öňe sürüpdir.

Saud ruhany baştutany “Mekge” gazetinde çap edilen beýannamasynda, Homaneýiniň eýranlylaryň “zoroastrizme” eýeren ata-babalary ýaly eden çykyşynyň özüni “geň galdyrmandygyny” aýdypdyr.

Häzirki döwürde araplar otparazlyga uýýanlary ekstremist hasaplaýarlar. Horasana yslam dini gelýänçä, bu din esasy ýörelge bolupdyr. Abdulaziz Şeýh “biz edil musulman bolmaýanlar (eýranlylar) ýaly gaty ätiýaçly we eserdeň bolmalydyrys. Olar musulmanlyk bilen, ýagny ylaýta-da sünnilik bilen arabaglanyşygy bolmaýan otparazlaryň neslidir” diýip nygtapdyr.

Dini baştutan Abdulaziz Şeýhiň bu beýannamasyna jogap hökmünde çykyş eden Eýranyň Daşary işler ministri bolsa “eýranlylaryň yslamynyň Saud Arabystanynyň wahhabi müftüsiniň ekstremizmi bilen hiç hili umumylygynyň ýokdugyny” bildiripdir. Ministr Muhammad Jawid Zarif Twitter sosýal ulgamyndaky sahypasyna şeýle ýazypdyr: “Elbetde, eýranlylaryň we dünýäniň aglaba musulmanlarynyň yslamy bilen ekstremizme hemaýatkärlik edýän saud wahhabi müftüniň musulmanlygynyň hiç hili umumylygy ýokdur”.

Eýranyň ruhany baştutany Saud Arabystanynyň geçen ýyl Minada bolan wakada “ýaralanan hajylaryň ölmegine sebäp bolandygyny” aýdyp, olary aýyplamagyndan bir gün geçensoň, saudly müfti ýaňky çykyş bilen oňa jogap beripdir. Aýatolla Homaneýi öz çykyşynda “Saud Arabystanynyň rehimsiz we jenaýatkär adamlar, ýarym janly ýaralananlary ýörite taýýarlanan kapasalara salypdyrlar. Medisina kömegini ýa-da iň azyndan suw hem bermän, olaryň ölmegine sebäp bolupdyrlar” diýipdir.

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammad Jawid Zarif
Eýranyň Daşary işler ministri Muhammad Jawid Zarif

Ýatlap geçsek, geçen ýyl Mekgäniň Mina şäherçesinde haj zyýaraty mahaly bolan gysylşykda, iň azyndan 2426 adamyň ölendigi aýan edilipdir. Olaryň arasyndaky 464 hajy zyýaratçy eýranly bolypdyr we munuň netijesinde musulman ýurtlaryň arasyndaky iň köp ýitgini Eýran döwleti çekipdir.

Saud Arabystanynyň hökümeti bolup geçen ol wakanyň jikme-jik hasabatyny şu wagta çenli çap etmändir. Ýöne geçirilen derňewde, hajylaryň hereket edýän iki geçelgesiniň tutuşlaýyn ýapylandygy sebäpli şeýle tragediýanyň ýüze çykandygy mälim bolupdyr.

Aýatolla Homanaýi öz çykyşynda, şol bir wagtyň özünde Saud Arabystanynyň resmileriniň geleňsizliginiň Mekgäniň Mina şäherçesindäki şol pajygaly wakadan owal hem metjidi Haramyň gurluşygyndaky diňiň (ýük kranynyň) hem agdarylyp, heläkçilige sebäp bolmagynda rol oýnandygyny nygtap, olary aýyplapdyr. Gurluşyk diňiniň agdarylmagynda hem 111 adam heläk bolupdyr.

Eýran bilen Saud Arabystanynyň hökümetleriniň duşmançylykly çykyşlary, olaryň sebitdäki wakalarda birek-biregini günäkärlemäge synanyşýandygyna güwä geçýär. Sünni Saud Arabystany bilen şaýy Eýran dartgynlygyň höküm sürýän ýurtlary bolan Siriýa, Ýemen, Yrak, Bahreýn bilen Liwanda gapma-garşylykly toparlary goldaýarlar.

2015-nji ýylyň haj zyýaratyndaky pidalar
2015-nji ýylyň haj zyýaratyndaky pidalar

Riýad bilen Tähranyň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklar geçen ýylyň ýanwar aýynda ekstremist toparlaryň Saud Arabystanynyň Tährandaky ilçihanasy bilen Maşatdaky wekilhanasyny otlamagyndan soň düýpgöter goýbolsun edilipdir.

Eýranyň bolup geçen wakalar sebäpli Saud Arabystany günäkärlemeginden soňra, iki ýurduň arasynda eýranlylaryň haj zyýaratyny berjaý edip bilmegi baradaky gepleşikler hem şowsuzlyk bilen tamamlanypdyr. Ondan soň Tähran bu ýyl eýranlylaryň haj zyýaratyny berjaý edip bilmejekdigi barasynda beýannama ýaýradypdyr. Saud Arabystanynyň haj baradaky ministrligi bolsa, bu ýylyň maý aýynda kabul edilen karar sebäpli Eýran hökümetiniň owal Ýaradanyň we soňam halkara jemgiýetiň öňünde jogap bermeli boljakdygyny nygtapdyr.

Saud Arabystanynyň mirasdüşeri we şol bir wagtyň özünde hem Içeri işler ministri Muhammad bin Noif duşenbe güni eden çykyşynda “Eýran yslam respublikasynyň resmileri öz içerki problemalary sebäpli eýranlylaryň Saud Arabystanyna haj zyýaratyny berjaý etmegine şeýle päsgelçilik döretdiler. Olar haj ybadatyny syýasy maksat bilen ulanyp, bu mukaddes ybadaty yslamyň kada-kanunlaryna gabat gelmeýän ýagdaýa öwrüpdirler” diýipdir.

Saud Arabystanyndaky haj zyýaraty bireýýäm başlap, häzirki wagtda millionlarça hajynyň haj ybadatlary dowam edýär.

XS
SM
MD
LG