Sepleriň elýeterliligi

Phenýan ýadro bombasyny 'üstünlikli' synandygyny aýdýar


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un we ýurduň harbylary

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un we ýurduň harbylary

Demirgazyk Koreýa özüniň ýadro bombasynyň bäşinji synagyny üstünlikli geçirendigini yglan edýär.

Döwlet mediasy 9-njy sentýabrda beren maglumatynda “täze özgerdilen görnüşli” ýadro ýaragynyň synalandygyny we indi bu ýadro söweş guralynyň ballistik raketalara berkidilmäge ukyplydygyny yglan etdi.

Bu resmi beýannama Demirgazyk Koreýanyň Pyunggye-ri ýadro ýaraglarynyň synag meýdanynyň golaýynda güýçli seýsmiki ýagadýyň hasaba alynmagynyň yzýanyna gabat geldi. ABŞ-nyň Geologiýa barlaglary boýunça edarasy sarsgyny 5.3 magnitudaly ýer yranma hökmünde hasaba aldy.

Günorta Koreýa munuň Phenýanyň amala aşyran iň güýçli ýerasty partlamasy bolandygyny aýtdy.

Demirgazyk Koreýanyň ozalky synaglary halkara derejesinde ýazgaryldy we BMG-niň sanksiýalaryna sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG