Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trump: Orsýetiň ABŞ-nyň saýlawlaryna aralaşmagy 'gümana'


Donald Trump
Donald Trump

ABŞ-nyň prezidenti wezipesine Respublikan partiýasyndan dalaşgär Donald Trump 8-nji sentýabrda Orsýet tarapyndan maliýeleşdirilýän telewideniýede eden çykyşynda Orsýetiň ABŞ-nyň saýlawlaryna täsir ýetirmäge synanyşmagynyň “gümanadygyny” aýtdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini öwendigi üçin ABŞ-nyň iki partiýasy tarapyndan hem tankyt edilen Trump baýry amerikan žurnalisti Larry King bilen söhbetdeş boldy. Bu söhbetdeşlik “Russia Today” telekompaniýasynyň ABŞ-daky partnýory RT Amerika telewideniýesinde görkezildi.

RT Amerika Trumpyň Kinge beren bu interwýusy seýrek diýip yglan etdi, şol bir wagtda-da Trumpyň metbugat-wekili Trumpyň Larry Kingiň programmasynyň Orsýetiň goldaýan telekompaniýasy bilen gatnaşygy barada habarsyz bolandygyny aýtdy.

Kiber howpsuzlyk boýunça bilermenler Orsýetiň gizlin gulluklaryny şu ýyl Demokratik partiýasynyň kompýuterleriniň elektron sistemasynyň içine aralaşmakda aýypladylar.

XS
SM
MD
LG