Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan owgan bosgunlary üçin wagt möhletini uzaltdy


Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif
Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif

Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif owgan bosgunlarynyň ýurtda galmagynyň wagt möhletini üç aýa uzaldyp, 2017-nji ýylyň mart aýyna geçirdi.

Şarif bu kararyny 9-njy sentýabrda geçirilen hökümet maslahatynda tassyklady.

Hökümetiň beýannamasyna görä, Şarif owgan bosgunlarynyň Pakistanyň myhmanlarydygyny we olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin çäreleriň görüljegini aýdypdyr.

Bu beýannama owganystanly bosgunlaryň Pakistanyň häkimiýetlerini ozalky wagt möhletiniň dolmagynyň öňünden öz hukuklaryny depelemekde aýyplamagynyň yzýanyna gabat geldi.

Pakistanda 1.5 million bosgun ýerleşýär. Owganstanylaryň ýene bir million çemesi Pakistanda 1980-nji ýyllardan bäri hasaba alynman ýaşaýarlar.

Pakistanyň hökümeti iýun aýynda Şarifiň bosgunlar lagerlerini Pakistandan Owganystana göçürmek boýunça BMG-niň bosgunlar edarasy we owgan hökümeti bilen işlemegi häkimiýetlere tabşyrandygyny aýdypdy.

Yslamabad bosgunlar lagerlerinde söweşijileriň ençemesiniň gizlenýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG