Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan 790 müň kwadrat metr jaý gurandygyny aýdýar


Lebap welaýatynda täze gurulan Zelili obasy
Lebap welaýatynda täze gurulan Zelili obasy

Türkmenistanda şu ýylyň başyndan 790 müň kwadrat metrlik ýaşaýyş jaý gurlupdyr.

Türkmen hökümetiniň 8-nji setýabrda geçiren maslahatynda beren hasabatyna görä, bu resmi san tutuş ýurtda täze gurulan jaýlara degişli. Ýene-de şonçasynyň 2020-nji ýyla çenli obalaryň, posýoloklaryň, etrap şäherleriniň we etrap merkezleriniň sosial-durmuş ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça milli programmanyň çäginde gurulýandygy resmi maglumatda habar berildi.

Türkmenistanda soňky ýyllarda şäherlerde we oba ýerlerinde gurulýan jaýlaryň ençemesiniň gymmatdygy sebäpli boş durýandygyny garaşsyz çeşmeler habar berýärler. Şäherlerde täze gurulýan ýokary oňaýlykly jaýlara garanda köne jaýlaryň ilat köpçüligine has elýeterlidigi aýdylýar.

Hususan-da, Aşgabatda şu ýylyň başyndan bäri, jaýlaryň bahasynyň azyndan 30% arzanlandygy habar berilýär. Käbir maglumatlara görä, häzirki wagtda Aşgabatda ýaşaýyş jaýlaryň bahasy 20 müň amerikan dollaryna barabar nyrhdan başlanýar.

Şeýle-de oba ýerlerinde gurulan täze obalaryň ençemesi ýaşamak üçin infrastruktura taýdan doly üpjün edilmezden ulanylyşa tabşyrylýar.

XS
SM
MD
LG