Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan 4-nji dekabrda prezidentlik saýlawlaryny geçirer


Özbegistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy

Özbegistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy

Özbegistanyň resmileri prezident Yslam Kerimowyň ýogalmagynyň yzýany möhletden irki prezidentlik saýlawlarynyň 4-nji dekabrda geçiriljegini yglan etdiler.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Mirza-Ulugbek Abdusalomow bu karary premýer-ministri Şawkat Mirziýoýewiň prezindetiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji edilip parlament tarapyndan bellenmeginiň ertesi 9-njy sentýabrda yglan etdi.

Özbegistanyň konstitusiýasyna laýyklykda, prezidentiň ýogalan ýa-da işe ukypsyz bolan ýagdaýynda parlamentiň ýokarky öýi Senatyň ýolbaşçysy üç aýlyk möhlet bilen prezidentiň ygtyýarlygyny öz eline almalydy. Emma Senatyň başlygy Nigmatulla Ýuldaşew kanun çykaryjylara ýüzlenip Mirzýoýewi bellemegi sorady.

28-nji awgustda Özbegistanyň hökümeti 78 ýaşly Kerimowyň keselhana düşendigini mälim etdi we 2-nji snetýabrda onuň ýogalandygyny yglan etdi.

XS
SM
MD
LG