Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: “netijesiz” seminarlar


Türkmen talyplary

Türkmen talyplary

Şu gün, ýagny 9-njy sentýabrda, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkeziniň we Türkmenistanyň hökümetiniň gurnamagynda geçirilen “Döwlet häkimiýetiniň onlaýn-serişdeleriniň kömegi arkaly aragatnaşygyň täze mümkinçilikleri” atly okuw maslahaty öz işini tamamlady.

Resmi maglumatda Aşgabatda geçirilen bu maslahatyň esasy maksadynyň “žurnalistleriň we häkimiýetiň döwlet düzümleriniň metbugat gulluklarynyň jemgyýetçilik bilen gatnaşygy meseleleri boýunça işgärleriň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmekden ybaratdygy” bellenilýär.

7-nji sentýabrda başlanyp, üç günläp dowam eden bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň, şeýle-de köpçülikleýin habar serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşandygy aýdylýar. Maslahatda beýleki meseleler bilen birlikde “Internet ulgamynyň ösüşini hukuk taýdan düzgünleşdirmek we Türkmenistanda internet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek hakyndaky” kanunyň ähmiýetine aýratyn üns berlipdir.

“Ähmiýeti” barada gürrüň edilen Kanun 2014-nji ýylyň 29-njy dekabrynda güýje giripdi. Halkara guramalar Türkmenistandaky Internediň kanun esaslaryny kesgitleýän bu täze dokumentiň ýurtda Internediň ösmegine ýardam berip biljekdigini aýtsalar-da, Kanunda göz öňünde tutulýan çäklendirmeler bilen bagly öz aladalaryny hem bildiripdiler.

Ýatladyp geçsek, gürrüňi gidýän Kanunda Internetde Türkmenistanyň prezidenti barada kemsidiji ýa-da töhmetli maglumatlary ýaýratmak, internet hyzmatlaryny üpjün edýän operatordan daşgary internet maglumatyny almak ýa-da bermek, şeýle-de maglumatyň kriptografik goragyny ulanylany üçin hem jogapkärçilik göz öňünde tutulýar.

ÝHHG-niň Azat media boýunça wekili Dunýa Miýatowiç türkmen talyplary bilen.

ÝHHG-niň Azat media boýunça wekili Dunýa Miýatowiç türkmen talyplary bilen.

ÝHHG-niň Azat media boýunça wekili Dunýa Miýatowiç türkmen emeldarlarynyň arşa çykarýan bu Kanunynyň göz öňünde tutýan gadagançylyklarynyň gümürtik kesgitlenendigini we bularyň Internetde maglumatlaryň erkinligine we özüňi beýan etmäge ýaramaz täsir ýetirip biljekdigini duýdurypdy.

Şol bir wagtda, ÝHHG-niň Aşgabatdaky edarasy sentýabryň 7-9-y aralygynda geçen bu seminarda “Internet ulgamynyň ösüşini hukuk taýdan düzgünleşdirmek we Türkmenistanda internet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek hakyndaky” kanunyna türkmen mediasynda aýdylşy ýaly “uly ähmiýetiň” berilendigi bardaky maglumaty tassyklamady.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky edarasynyň degişli resmisiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, seminaryň esasy maksady döwlet edaralarynyň web sahypalaryny has netijeli dolandyrmak boýunça degişli işgärleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakdan ybarat bolupdyr.

Şeýle-de türkmen mediasynyň habar bermegine görä, Aşgabatda geçirilen maslahatyň dowamynda Türkmenistanda habar serişdeleriniň, şol sanda Internedi ösdürmek boýunça, türkmen emeldarlarynyň öz sözleri bilen aýdylanda, “uly gerimli” işleriň alnyp barylýadnygy öňe sürüldi. Emma, media azatlygy boýunça halkara guramalar, şeýle-de Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar Türkmen döwlet telewideniýesinde propaganda mazmunly we hakyky durmuşdan üzňe maglumatlaryň berilýändigine ünsi çekýärler.

Bu aralykda Türkmenistan barada maglumatlary çap edýän “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” neşiriniň redaktory Ruslan Mätiýew Aşgabatda geçirilýän bular ýaly maslahatlaryň iş ýüzünde hiç hili oňaýly netijesiniň ýokdugyny aýdýar.

Mätiýew bu barada şeýle diýýär: “Meniň pikirimçe, bu geçirilen seminar hiç zady aňlatmaýar. ÝHHG-niň Aşgabatdaky edarasy üçin bu nobatdaky bir çäre. Türkmenistan hem munuň bilen ÝHHG bilen aragatnaşygy saklaýandygyny aýdar. Seminara gatnaşyjlar öwrenen zatlaryny durmuşa geçirip bilmeseler gerek. Sebäbi Türkmenistanda muňa şert ýok”.

Sözümizi jemläp aýtsak, Türkmenistan azat media boýunça çap edilýän halkara hasabatlarda eýýäm ençeme ýyllaryň dowamynda iň soňky orunlary eýeläp gelinýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG