Sepleriň elýeterliligi

ABŞ we Orsýet Siriýada ýaraşygy dikeldýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen Ženewada gepleşik geçirdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen Ženewada gepleşik geçirdi.

Birleşen Ştatlar we Orsýet terror toparlaryny ýeňmek we parahatçylyk gepleşikleriniň esasyny goýmak barada bilelikde işleşmek bilen, Siriýada ýaraşygyň täzelenmegi babatda wajyp ylalaşyga geldiler.

9-njy sentýabrda Ženewada uzak güne çeken gepleşiklerden soň, ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň gapdalynda durup, eger hemme taraplar öz alan borçlaryna ygrarly bolsa, özüniň bu plan “konflikti soňlamaga kömek eder” we alty ýyllyk raýat urşunda “gaýdyş pellesi” bolar diýip ynanýandygyny aýtdy.

"Birleşen Ştatlar we Orsýet şu gün biziň zorluk-sütemi azaltmagyna, ejir-azaby ýeňletmegine we Siriýada gepleşikler arkaly parahatçylyga we syýasy geçişe tarap hereketi dikeltmegine umyt edýän planymyzy yglan edýär" diýip, Kerri aýtdy.

"Birleşen Ştatlar has artyk tagalla edýär, sebäbi biz Orsýet we meniň kärdeşim [Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň] režimine bu konflikti bes etmek we gepleşikstoluna geçip, oňşuga gelmek babatda basyş edip biler ynanýarys" diýip, ol aýtdy.

Atyşygy bes etmek 12-nji sentýabrda, ýerli wagt bilen gün ýaşanda, musulmanlaryň Eýd baýramçylygynyň birinji gününde güýje girer.

Eger ýaraşyk şertleri bir hepde saklansa, ABŞ we Orsýet bilelikde “Al-Kaýdanyň” Siriýadaky bölümi bolan “Nusra Fronty” we “Yslam döwleti” toparyny harby zarbalaryň nyşanasyna almak babatda işleşmäge başlar diýip, Kerri aýtdy.

"Biz ol terrorçylaryň soňuna çykmaly" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. "Seljermezden däl, eýsem bu işi olar režimiň seljermesiz bombalamalaryny öz ýigrenji jenaýatlaryna adam toplamakda ulanmaz ýaly, strategik, anyk we oýlanyşykly esasda etmeli" diýip, Kerri aýtdy.

Bu ylalaşyk Obama admistrasiýasynyň içinde ýaraşyk şertlerini kabul etmelidigi ýa däldigi barada sagatlap dowam eden geňeş-maslahatlardan soň gazanyldy.

Iki tarap ahyrynda oppozisiýanyň gepleşilen ýerlerde bolýan töwereklerine Siriýanyň söweş uçarlarynyň uçmagyny togtatmak çäreleri barada ylalaşdy.

"Bu ylalaşyk barrel bombalarynyň we... seljermesiz bombalaýyşlaryň soňuna çykmaly, şonda onuň konfliktiň tebigatyny üýtgetmek mümkinçiligi bar" diýip, ol aýtdy.

Bu plan söweşýän taraplaryň ikisini hem, harbysyzlaşdyrylan zona döretmek üçin, Aleppodaky strategik Kastello ýolundan yza çekilmäge çagyrýar. Şeýle edilen ýagdaýynda, oppozisiýa we hökümet toparlarynyň ikisi-de, şäheriň günortasyndaky Ramoseniň üstünden howpsuz we päsgelçiliksiz geçelge berilmegini üpjün eder.

Lawrow Orsýetiň bu ylalaşyklar barada Siriýanyň hökümetine habar berendigini we režimiň olary ýerine ýetirmäge taýýardygyny aýtdy.

Kerri oppozisiýa toparlarynyň, eger Siriýa hökümeti özüniň çynydygyny görkezse, bu ylalaşygy berjaý etmäge taýýar görünýändiklerini aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG