Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ikinji ýadro elektrik stansiýasyny gurýar


Eýarnyň ýadro başlygy Ali Akbar Salehi rus kärdeşi bilen, Bushehr, 10-njy sentýabr, 2016
Eýarnyň ýadro başlygy Ali Akbar Salehi rus kärdeşi bilen, Bushehr, 10-njy sentýabr, 2016

Eýran Orsýetiň kömegi bilen öz ýadro elektrik stansiýasyny gurmaga başlady, bu habary rus we eýran metbugaty ýaýratdy.

«Buşehr-2» diýip bilinýän proýekt resmi taýdan 10-njy sentýabrda, günortadaky port şäher Buşehrde başlandy.

Bu proýektiň bahasy 10 milliard dollar töweregi we ol 1,057 megawat elektrik öndürer. Onuň gurluşygynyň 10 ýylda tamamlanmagyna garaşylýar.

Bu Eýranyň 2015-nji ýylyň iýulynda dünýä döwletleri bilen baglaşan ýadro ylalaşygyndan soň gurýan ilkinji ýadro elektrik stansiýasy bolar.

Bu stansiýa Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki ýadro elektrik kompaniýasy bolan «Rosatom” tarapyndan gurlar.

Eýranyň ýeke-täk işleýän we Orsýetiň kömegi bilen Buşehrde gurlan ýadro reaktory 1,000 megawat elektrik öndürýär.

XS
SM
MD
LG