Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanyň wagtlaýyn prezidenti harby ýaranlygy ret edýär


Şawkat Mirziýoýew

Şawkat Mirziýoýew

Özbegistanyň wagtlaýyn prezidenti, merhum prezident Yslam Kerimowyň syýasatynyň dowam etdiriljegine yşarat edip, harby ýaranlyga goşulmajakdygyny aýtdy.

Daşary işler ministrliginiň beýanatynda Şawkat Mirziýoýewiň 9-njy sentýabrda parlamentiň ýokarky we aşaky palatlarynyň goşma sessiýasynda aýdan sözleri getirilýär.

"Ozalkylary ýaly, biziň ýurdumyzyň hiç bir harby-syýasy ýaranlyga goşulmazlyk we beýleki döwletleriň harby bazalaryna we desgalaryna Özbegistanyň territoriýasynda orun bermezlik pozisiýasy berk» diýip, Mirziýoýew aýdypdyr.

Şeýle-de ol özüniň Orsýet, Birleşen Ştatlar, Hytaý we beýlekiler bilen gatnaşyklary ösdürjekdigini aýdypdyr.

Bu sözler özbek deputatlary Mirziýoýewi wagtlaýyn prezidentlige belläninden bir gün soň aýdyldy.

Özbek hökümeti uzak wagtlyk prezident Yslam Kerimowyň 28-nji awgustda, 78 ýaşynda hassahana ýerleşdirilendigini, 2-nji sentýabrda aradan çykandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG