Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: Ozalky biznesmen premýer bellendi 


Bagtyžan Saghintaýew

Bagtyžan Saghintaýew

Prezident Nursoltan Nazarbaýewiň hökümet resmilerini we ýokary derejeleri howpsuzlyk resmilerini çalşyrmagy netijesinde, ozalky ykdysadyýet ministri Bagtyžan Saghintaýew Gazagystanyň premýer-ministri wezipesine bellenildi.

Saghintaýew 8-nji sentýabrda ýurduň esasy howpsuzlyk gullugynyň başlyklygyna bellenen Karim Masimowyň ornuna geçirildi.

Ol ozal Masimowyň orunbasary bolup hem işläpdi.

Ozalky ykdysatçy mugallym we biznesmen Saghintaýew Gazagystanyň monopoliýa garşy gullugynyň başlygy, regional gubernator, ykdysadyýet ministri bolup işledi.

XS
SM
MD
LG