Sepleriň elýeterliligi

Gazak sportçysy Paralimiada oýunlarynda altyn medal utdy


Zulfiýa Gabidullina

Zulfiýa Gabidullina

50 ýaşyndaky gazak sportçysy Rio de Žaneýroda geçýän Paralimiada oýunlarynda erkin ýüzüşde altyn medal utdy we täze dünýä rekordyny goýdy.

Zulfiýa Gabidullina pellehana 43.33 sekuntda geldi.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Gabidullinany ýurduň tomusky paralimpiýa ýaryşlarynda gazanan ilkinji altyn medalyny utmagy bilen gutlady.

Maýyp arabasynda ýaryşýan Gabidullina ýüzmek bilen 30 ýaşynda meşgullanyp başlady.

Hytaý Rio paralimpik oýunlarynda şu wagta çenli ýedi altyn medal utdy, Britaniýa - 5, Özbegistan bolsa 3 altyn medal utdy.

XS
SM
MD
LG