Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda 10 adam öldürildi


Bagdat, Karrada etraby

Bagdat, Karrada etraby

Öten agşam günorta Bagdatda bolan kast ediş hüjümleri azyndan 10 adamy öldürip, onlarça adamy ýaraly etdi diýip, polisiýa we hassahana resmileri 10-njy sentýabrda aýtdy.

Janyndan geçenleriň biri özüni ýarygijeden öň şäher ortasynda, Palestina köçesindäki Nakhil söwda merkeziniň agzynda partlatdy.

Ikinji bomba söwda merkeziniň maşyn goýulýan ýerinde boldy diýip, resmiler aýtdylar.

Içeri işler ministrligi söwda toplumynyň içinde pida bolanyň ýokdugyny aýtdy.
Bu partlamalaryň jogapkärçiligini « Yslam döwleti» jeňçi topary öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG