Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Demirgazyk Koreýanyň ýadro synagyny ýazgarýar


Kim Jong Un alymlar bilen duşuşýar. Mart, 2016
Kim Jong Un alymlar bilen duşuşýar. Mart, 2016

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Demirgazyk Koreýanyň soňky ýadro synagyny berk ýazgardy we «düýpli çäreleri» görmegiň, şol sanda Phenýana garşy täze sanksiýalary girizmegiň maslahatyny etmäge başlady.

Geňeş 9-njy sentýabrda Demirgazyk Koreýanyň şu wagta çenli eden iň güýçli ýerasty partlama synagyndan soň ýapyk gapylaryň arkasynda adatdan daşary ýygnak geçirip, derrew beýanat etmek ylalaşygyna geldi.

Bu ýygnak ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň we Günorta Koreýanyň talaby bilen geçirildi. Geňeşiň beýanatynda bu «düzgün bozmanyň agyrlygy» hem-de Phenýanyň BMG-niň ozalky rezolýusiýalaryny «gözçykgynç äsgermezlik etmegi» bellenilip, muňa jogap üçin has berk çäreleriň görüljekdigi wada berilýär.

Demirgazyk Koreýa bu ýazgarmany ret etdi we özüniň ABŞ-nyň ýadro «şantažyna» boýun bolmajagyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG