Sepleriň elýeterliligi

Oglan bolsaň, "Siriýa gitdiňmi, namaz okaýaňmy?" diýýärler


Aşgabat aeroporty

Aşgabat aeroporty

Aşgabat aeroportynda "oglan bolsaň, Siriýa gitdiňmi, namaz okaýaňmy, arak guýup bersem içersiňmi?" diýen ýaly soraglary berýärler, "gyz maşgala bolup Türkiýä gideňde saňa jelep hökmünde seredýär migrasiýa işgärleri" diýip, Azatlygyň okyjylary ýazýarlar.

Hatlarda ylaýta-da Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň gödekliginiň raýatlara has ýiti täsir edýändigi bellenilýär.

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny ýolagçylaryň Aşgabadyň aeroportynda başdan geçirýän tejribelerine gönükdirýär.

Bu gepleşigi diňläp,öz tejribeleriňizi paýlaşmaga çagyrýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG