Sepleriň elýeterliligi

Siriýa urlan howa zarbalary onlarça adamy öldürdi 


Siriýa, rus uçarlary

Siriýa, rus uçarlary

Soňky 24 sagatda Siriýa urlan howa zarbalarynda asuda ilatdan 100 çemesi adam öldürildi diýip, gözegçilik topary aýdýar.

Siriýanyň Londonda ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy10-njy sentýabrda Idlib şäherinde bazary nyşana alan howa zarbasynyň 58 çemesi asuda adamy öldürendigini aýdýar.

Habarda ölenleriň 13-siniň çagalardygy aýdylýar. Şeýle-de bu topar, Alepponyň töwereginde, pitneçileriň kontrollygyndaky ýerlere urlan zarbalaryň hem 30 çemesi asuda adamy öldürendigini aýdýar.

Bu howa zarbalary ýa Siriýa hökümeti, ýa-da Orsýet tarapyndan urlandyr öýdülýär.

Asuda adamlaryň öldürilendigi baradaky habar Orsýet bilen ABŞ-nyň atyşygy bes etmek ylalaşygyna gelen wagtyna gabat geldi. Bu ylalaşyk 12-nji sentýabrda, gün ýaşanynda güýje girýär.

XS
SM
MD
LG