Sepleriň elýeterliligi

Azeri ministri Transhazara garşy çykýar


Hazar deňzindäki nebit wyşkalary

Hazar deňzindäki nebit wyşkalary

Azerbaýjanyň energetika ministri Natig Alyýew Transhazar geçirijisiniň Azerbaýjanyň hasabyna gurulmagyna garşy çykýar diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan, Azerbaýjan, Türkiýe, Gürjüstan we Ýewropa komissiýasy Transhazar geçirijisini gurmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýar.

Bu geçiriji, eger gurulsa, ýylda 10-milliarddan 30 milliard kub metre çenli türkmen tebigy gazyny Ýewropa aşyrmaly.

Türkmen prezidenti Berdimuhamedow golaýda german kansleri Angela Merkel bilen duşuşykda Aşgabadyň öz gazyny Ýewropa eksport etmäge taýýardygyny aýtdy.

«Men bu meseläni türkmen prezidenti bilen hem maslahatlaşdym, ol türkmen tarapynyň Azerbaýjana 10 milliard kub metr gaz ibermäge taýýardygyny aýtdy. Ýöne olar Transhazar geçirijisini şeýle göz öňüne getirýärler: biz gaz berýäris, a kimdir başga biri geçiriji gursun. Eýse kim? Azerbaýjanmy? Hut meniň özüm, ministr hökmünde muňa garşy» diýip, azeri ministri aýdypdyr.

Natig Alyýew awgust aýynda Azerbaýjanyň öz geçirijilerini türkmen gazyny geçirmek üçin bermäge taýýardygyny aýdypdy, ýöne ol bu meseläniň Hazar deňzindäki dawaly energiýa ýataklarynyň çözgüdine baglydygyny ýaňzydypdy.

XS
SM
MD
LG