Sepleriň elýeterliligi

Ankara 'arassalaýyş çärelerini' dowam etdirýär


Fethulla Gülen

Fethulla Gülen

Türkiýe ýurduň günorta-gündogarynda, kürtleriň köplük bolup ýaşaýan ýerlerinde kürt jeňçilerini goldaýar diýip hasaplaýan ýerli häkimlerini işden aýryp, 24 munisipalitetde täze adminstrator belledi diýip, welaýat gubernatorynyň edarasy 11-nji sentýabrda aýtdy.

Bu munisipalitetler Kürt Halk demokratik partiýasynyň – HDP-nyň ýerli goldawçylary tarapyndan dolandyrylýardy diýip, Diýarbekir gubernatorynyň edarasy aýtdy.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bu partiýany PKK --niň, Kürt işçiler partiýasynyň giňeldilen görnüşi hasaplaýar. Emma HDP PKK bilen göni arabaglanyşygyynyň bardygyny ret edýär we pitneçiligi gepleşikler arkaly ýatyrmagy ündeýändigini aýdýar.

Şu aralykda Ankara ABŞ-da ýaşaýan ruhany Fethulla Güleniň on müňlerçe goldawçysynyň garşysyna geçirýän arassalaýyş çärelerini dowam etdirýär.

Türkiýe Güleni iýulda başa barmadyk agdarylyşyk synanyşygynda aýyplaýar, Gülen bu aýyplamany ret edýär.

XS
SM
MD
LG