Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ terror hüjümleriniň pidalaryny ýatlaýar


Wepat bolanlaryň atlary Bütindünýä Söwda merkeziniň ýykylan binalarynyň ýerinde gaty ses bilen okalar. 
Wepat bolanlaryň atlary Bütindünýä Söwda merkeziniň ýykylan binalarynyň ýerinde gaty ses bilen okalar. 

Birleşen Ştatlar 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda bolan we 3 müňe golaý adamy öldüren terror hüjümleriniň 15-nji ýyl dönümini belleýär.

«Al-Kaýda» terrorçylarynyň 11-nji sentýabrda dört sany kommersiýa uçaryny ogurlamak arkaly eden hüjümi ABŞ topragynda amala aşyrylan iň ganly terror zarbasy boldy.Ol uçarlaryň ikisi Nýu-Ýorkda Bütindünýä söwda merkeziniňGoşa diňini ýer bilen ýegsan etdi.

Üçünji uçar Waşingtonda Pentagona gelip uruldy, dördünji uçar, ýolagçylaryň terrorçylara garşy durmagy netijesinde, Pensilwaniýada ýykyldy.

Bu hüjüm tas iki asyra golaý wagt içinde ABŞ topraklarynda edilen ilkinji daşary ýurt hüjümi boldy we 2001-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň Owganystana goşun sürmegine alyp geldi.

Prezident Barak Obama bu ýyl dönümini Ak tamda ir sagat 8:46-da bir pursat dymma bilen garşylar. Bu alnyp gaçylan dört uçaryň ilkinjisiniň Nýu-Ýork şäherinde Bütindünýä Söwda merkeziniň demirgazyk diňine gelip uran wagtydyr.

Prezident Obama soňra Pentagonda guralan hatyra çäresinde çykyp gürlär.

«Terrorizm babatynda biziň oňa nähili gaýtawul berýändigimiz möhüm» diýip, prezident Obama 11-njy sentýabrda, şenbe günündäki radio çykşynda aýtdy.

«Biz özümizi böljek bolýanlara ýan berip bilmeris. Biz öz jemgyýetimiziň düýp özenini dargytjak ýagdaýda hereket edip bilmeris» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu hadysada wepat bolanlaryň atlary Bütindünýä Söwda merkeziniň ýykylan binalarynyň ýerinde gaty ses bilen okalar.

Şeýle-de, Pensilwaniýada, Şankswildäki «93-nji reýs» milli memorialynda ýüzlerçe adamyň gatnaşmagynda ýatlama çäresi geçiriler.

10-njy sentýabrda Nýu-Ýorkda goşa diň ýykylanda wepat bolan 343 ýangyn söndürijiniň hatyrasyna ýatlama çäresi geçirildi.

ABŞ-nyň prezidentligine dalaş edýän Donald Tramp bilen Hillari Klintonyň Bütindünýä Söwda merkeziniň ýanyndaky ýatlama çärelerine gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Bu iki syýasatçy ýatlama çäresi mahalynda prezidentlik kampaniýasyny dowam etdirmekden saklanmak barada ylalaşyga geldi we olaryň jemgyýetçilik içinde beýanat etmeklerine garaşylmaýar. Prezidentlige kandidatlar bu günüň dowamynda telewideniýede hem çykyş etmez.

Bu çärä gatnaşmaga rugsat berlen syýasatçylara, 2011-nji ýyldan bäri, adam atlaryny okamaga ýa-da pikir aýtmaga rugsat berilmeýär.

Şol döwürde prezident bolan Jorj Buş Nýu-Ýokrdaky ýa Waşingtondaky ýatlama çäreleriniň hiç birine gatnaşmaz.

Buşuň ofisi onuň Tehsas ştatynda Dallasdaky ybadathana gitjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG