Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Siriýada 20 jeňçini öldürdim diýýär


Siriýadaky türk esgerleri

Siriýadaky türk esgerleri

Türkiýäniň demirgazyk Siriýa uran howa zarbalary «Yslam döwleti» toparynyň 20 jeňçisini öldürdi diýip, türk harbylary 11-nji sentýabrda aýtdy.

Baş ştabyň edarasynyň başlygynyň ýaýradan beýanatynda söweş uçarlarynyň 10-njy sentýabr agşamy YD-a dahylly diýip bilinýän üç binany, maşynlary we motorlary urandygy aýdylýar.

Harbylaryň ýolbaşçysy «Ýefrat galkany» operasiýasynyň, Türkiýäniň iki ýarym hepde ozal Siriýa, YD we kürt jeňçilerine garşy söweşmek üçin goşun girizmegi bilen başlan çäreleriniň «aýgytly dowam etdiriljekdigini» aýtdy.

XS
SM
MD
LG