Sepleriň elýeterliligi

Belarus: Oppozisiýa parlamente saýlandy


Ýelena Anisim we Anna Konopatskaýa, Belarus

Ýelena Anisim we Anna Konopatskaýa, Belarus

Belarusyň iki oppozision wekili parlamentde orun eýelediler, bu bolsa soňky 20 ýylyň dowamynda oppozisiýanyň ilkinji gezek parlamentiň düzümine girendigini aňladýar.

Merkezi saýlaw komissiýasy 11-nji sentýabrda geçirilen saýlawlarda “Birleşen raýat partiýasyndan” Anna Konopatskaýanyň parlamentiň 110 orunlyk aşaky öýünde orun eýeländigini yglan etdi.

Oppozisiýa bilen bagly garaşsyz dalaşgär Ýelena Anisim hem parlamentde orna eýe boldy.

Konopatskaýa we Anisim Belarusda 1996-njy ýyldan bäri milli parlamentde ilkinji oppozision wekiller bolarlar. Parlament esasan ýurduň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka ýaran deputatlar tarapyndan dolandyrylýar.

Saýlaw resmileri saýlawlara ses berijileriň gatnaşyk derejesiniň 74.32% bolandygyny aýtdylar. Şeýle-de 521 dalaşgärden 176 oppozision partiýalaryň wekilleridi.

Saýlawlara ÝHHG-niň 400 çemesi synçysy gözegçilik etdi.

Belarusda 1990-njy ýyllardan beri geçirilen saýlawlara açyk we demokratik diýlip baha berilmändi.

XS
SM
MD
LG