Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýada ok atyşygy bes ediler


Siriýanyň Aleppo şäheri, 9-njy sentýabr, 2016

Siriýanyň Aleppo şäheri, 9-njy sentýabr, 2016

Orsýetiň we ABŞ-nyň Siriýada ok atyşygy bes etmek barada ylalaşygy 12-nji sentýabrda giçlik güýje girer.

9-njy sentýabrda geçirilen gepleşikleriň yzýany yglan edilen ok atyşygy bes etmek baradaky düzgün Siriýada alty ýyl bäri dowam edýän graždan urşunyň soňuna çykmak üçin mümkinçilik hökmünde öňe sürüldi.

Birnäçe hepdeläp dowam etjek bu düzgün bilen bilelikde ABŞ we Orsýet “Jabhat Fateh al-Şam”, “Al Kaýda” bilen bagly “Al-Nusra Fronty” atly topara we “Yslam döwleti” atly topara garşy bilelikde harby çäreleri amala aşyrmak barada maslahat edipdi.

Planda taraplaryň ikisiniň-de strategiki Alepponyň esasy ýolundan yza çekilmegi we harbylaşdyrylmadyk giňişligiň döredilmegi talap edilýär.

Ok atyşygy bes emek barada ylalaşyga gelinmegine garamazdan, geçen dynç günlerinde Aleppo regionynyň Idlib şäherinde amala aşyrylan howa zarbalarynda 100 çemesi adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG