Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew merhum Kerimowy hormatlamak üçin Samarkanda bardy


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (s) we Özbegistanyň merhum prezidenti Yslam Kerimow (s), Almatynyň golaýyndaky Çimbulak kurortynda, 6-njy ýanwar, 2001.
Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (s) we Özbegistanyň merhum prezidenti Yslam Kerimow (s), Almatynyň golaýyndaky Çimbulak kurortynda, 6-njy ýanwar, 2001.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew şu aýyň başynda aradan çykan prezident Yslam Kerimowa hormat bildirmek üçin Özbegistana bardy.

Gazagystanyň prezidentiniň metbugat gullugy Nazarbaýewiň Kerimowyň doglan we 3-nji sentýabrda jaýlanan şäheri Samarkanda 12-nji sentýabrda barandygyny habar berdi.

Resmi maglumata görä, Nazarbaýew Kerimowyň maşgalasy we Özbegistanyň prezidenti wezipesini ýerine ýetirýän Şawkat Mirzýaýew bilen duşuşmagy planlaşdyrýar.

Nazarbaýewiň Samarkanda bu sapary Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň saparynyň bir hepde yzýany geçirilýär.

Nazarbaýew we Putin Kerimowyň jaýlanan güni Özbegistana barmandy. Olar Hytaýda geçirilen “Uly 20” guramasynyň sammitine gatnaşypdy.

27 ýylyň dowamynda berk howpsuzlyk düzgünleriň berjaý edilmeginde we başga pikirdäkilere çydamsyzlyk görkezmekde ýurdy dolandyran Kerimow 78 ýaşynda ardan çykdy.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Sowet döwründen bäri ýurdy dolandyrýan ýeke-täk postsowet lideri bolmagynda galýar.

XS
SM
MD
LG