Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: 'Ekstremizmiň wagyzçysy' ele salyndy


Kareliýa

Kareliýa

Orsýetiň häkimiýetleri Karelia regionda Siriýada “Yslam döwleti” (YD) atly ekstremist toparyň düzüminde söweşmek üçin adamlary hakyna tutmakda güman edilen adamy tussag etdiler.

12-nji fewralda Federal howpsuzlyk agentliginiň (FSB) Kareliýadaky edarasy tussag edilen adamyň adyny agzamazdan onuň esasan musulman ilatly Demirgazyk Kawkaz regionyndan 37 ýaşly raýatdygyny habar berdi.

Federal howpsuzlyk agentligi tussag edileniň orsýetlileriň YD toparyna goşulmagyny maksat edinip, internet arkaly ekstremistik garaýyşlary wagyz edendigi aýtdylar.

Orsýetiň resmileri Orsýetiň we beýleki postsowet raýatlaryndan azyndan 5 müň çemesi adamyň Siriýa we Yraga syýahat edip, YD toparyna goşulandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG