Sepleriň elýeterliligi

Kandagaryň keselhanasyna hüjüm edildi


Keselhana, Kandagar

Keselhana, Kandagar

Owganystanyň günortasyndaky Kandagar şäherinde keselhana hüjüm eden iki söweşiji owgan howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öldürildi.

Kandagaryň häkimiň metbugat wekili Samim Khpalwak söweşijileriň Mirwais keselhanasyna sapar eden häkimiň orunbasaryny nyşana alandygyny aýtdy. Bu keselhanada urşuň pidalaryna, şol sanda goşunyň we polisiýanyň wekillerine medisina kömegi berilýär.

Söweşijiler bilen ok atyşykda bir owgan howpsuzlyk wekiliniň wepat bolandygy aýdylýar.

Hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir söweşiji topar öz üstüne almady.

XS
SM
MD
LG