Sepleriň elýeterliligi

logo-print

89 ýaşyndaky gürji ýazyjy Nobel baýragyna dalaşgär görkezilipdir


Ýazyjy we pelsepeçi Giwi Margwelaşwili

Ýazyjy we pelsepeçi Giwi Margwelaşwili

89 ýaşyndaky gürji ýazyjy Nobel baýragyna dalaşgär görkezilipdir

Tanymal gürji-nemes ýazyjysy hem pelsepeçi Giwi Margwelaşwili edebiýat boýunça Nobel baýragyna dalaşgär görkezilipdir. Bu barada “Geordian Journal” atly abraýly gürji žurnaly maglumat çap edipdir. Ýazyjy 89 ýaşynda we ol şu wagt Germaniýanyň paýtagty Berlinde ýaşaýar.

Giwi Margwelaşwili 1927-nji ýylda Berlinde gürji bosgun maşgalasynda dünýä inipdir. Onuň kakasy Tite Margwelaşwili hem gürji ýazyjy we pelsepeçi ekeni. Ol öz maşgalasy bilen bilelikde, 1921-nji ýylda sowet basybaljylygyndan soň Gürjistany terk edipdir. 1946-njy ýylda sowet goşunlary Germaniýanyň demirgazygyny ele salan mahaly Giwi Margwelaşwilini kakasy bilen bilelikde tussag edip, olary türmä iberipdir. 18 aýlyk tussaglykdan soň Giwi Gürjüstana gaýdypdyr we Tiblisiniň döwlet uniwersitetinde iňlis dili ugry boýunça bilim alypdyr. Ol Gürjüstanda bolan mahaly romanlar, gysgajyk hekaýalar we drama eserlerini ýazanam bolsa, sowet hökümeti onuň eserlerini çap etmäge rugsat bermändir.

1980-nji ýyllarda Giwi Margwelaşwili gaýtadan Demirgazyk Berline dolanyp gelipdir we şondan soňky 40 ýyla golaý wagt bärem ol ýerde ýaşaýar. Ol, mundan owal 2006-njy ýylda Nemes “Goethe Instituty medalyna we 2008-nji ýylda hem “Germaniýa federatiw respublikasynyň hyzmat medalyna” mynasyp görlüpdir.

Giwi Margwelaşwili Günbatarda Heidegger pelsepesiniň dili hakda ýazan ylmy-barlag eseri we sowet soýuzynda geçen durmuşy barasynda ýazan awtobiografiki “Horluk” atly romany bilen tanalýandyr.

XS
SM
MD
LG