Sepleriň elýeterliligi

Hillari Klinton pnewmoniýa uçrady


Hillari Klinton 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda bolan terroristik hüjümleriň 15-nji ýyl dönümi mynasybetli Nýu Ýorkda geçirilen ýatlama çäresini garaşylmadyk ýagdaýda terk edininden soňra onuň lukmany öňki döwlet sekretarynyň pnewmoniýa keselinden ejir çekýändigini aýtdy.

Klintonyň lukmany Lisa Bardak tarapyndan çykarylan beýannamada aýdylyşyna görä, 9-nji sentýabrda geçirilen barlagda dalaşgariň öýken sowuklamasyndan ejir çekýändigi anyklanypdyr.

Bardak şeýle hem Klintonyň köp ösgürendigini, munuň hem allergiýa bilen baglanyşyklydygyny belledi.

11-nji sentýabrda ýatlama çäresinde bedeniniň gyzgyny artyp, ysgyny gaçan Klinton gyzynyň öýüne äkidildi. Onuň häzir öz öýündedigi we saglyk ýagdaýynyň gowulanyp gelýändigi aýdylýar. Lukmanlar oňa antibiotik berip, dynç almagy maslahat beripdirler.

Hanym Klintonyň saýlaw kampaniýasyna ýolbaşylyk edýänler dalaşgäriň 12-13-nji senýabrda Kaliforniýa etjek saparynyň ýatyrylandygyny bildirdiler.

68 ýaşly Klinton Bütindünýä söwda merkeziniň 15 ýyl mundan oza terror hüjüminde iki diňiniň ýumrulan ýerinde, Nýu Ýork şäherini Ground zero memorialynda geçirilen hatyra çäresine prezident Barak Obama bilen birlikde gatnaşan resmileriň biri.

Klintonyň respublikan garşydaşy Donald Trampyň tarapdarlary onuň 2012-nji ýylyň dekabrynda özünden gidip, beýni çaýkanmasyny başdan geçirendigine salgylanyp, ol fiziki taýdan Ak tama ýarawsyz diýen netije çyrajak boldular.

Klinton öz saglyk ýagdaýy barada aýdylýan zatlary boş gürrüňler we esassyz dildüwşük teoriýalarynyň önümi diýip ret edýär.

2001-nji ýylda 11-nji sentýabrynda Al-Kaýdanyň 19 terroristiniň dört sany kommersiýa uçaryny ogurlap, amala aşyran hüjümlerinde üç müňe golaý adam öldi.

Bu hüjümler Birleşen Ştatlaryň ilki Owganystana, soňra hem Yraga basyp girmegine sebäp boldy.

Bu wakanyň üsünden 15 ýyl geçen hem bolsa, bu ýurtlaryň ikisi-de şu wagt-da pitneçilikden, terrorizmden we uruşdan dynyp bilenoklar.

Nýu Ýork şäherinde täzeden gurlan Bütindünýä söwda merkeziniň golaýynda ýerleşýän Ground Zero memorialynda hüjümlerde ölenleriň ady okaldy.

XS
SM
MD
LG