Sepleriň elýeterliligi

'Gazpromyň' öňki resmisi Ermenistanyň hökümetine baştutanlyk eder


Karen Karapetian

Karen Karapetian

Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryndan Karen Karapetian Ermenistanyň täze premýer-ministri wezipesine bellendi.

Ermenistanyň prezidentiniň metbugat-gullugynyň 13-nji sentýabrda aýtmagyna görä, prezident Serž Sarkisian Karapetiany bellemek barada karara gol çekipdir.

53 ýaşly Karapetian 2010-2011-nji ýyllarda Ýerewanyň häkimi bolupdy. Ol bu wezipäni terk edensoň Moskwa gidip, Gazprombankyň birinji wise-prezidenti wezipesine bellenipdi. Karapetian yzýany Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň “Mežregiongaz” bölüminiň başlygynyň orunbasary wezipesinde işläp, 2015-nji ýylda “Gazpromyň” düzümindäki “Energoholding” şirketiniň baş müdiriniň orunbasary bolupdy.

Ermenistanyň öňki premýer-ministri Howik Abrahamian öz hökümetiniň ýurduň başdan geçirýän kynçylyklaryna garşy durmakda şowsuz bolandygyny aýdyp, 8-nji sentýabrda wezipesinden çekildi.

“Gazprom” kompaniýasy “Gazprom Ermenistan” bölümi arkaly Ermenistanyň gaz we elektrik üpjünçiligine doly eýeçilik edýär.

XS
SM
MD
LG