Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe ABŞ-dan Guleni tussag etmegi resmi taýdan sorady


Fethullah Gulen
Fethullah Gulen

Türkiýe Birleşen Ştatlarda ýerleşýän dinçi Fethulla Guleni tussag etmek barada resmi derejede ýüzlendi. Ankara Guleni 15-nji iýulda Türkiýede başa barmadyk harby agdarylyşyk synanyşygyny gurnamakda aýyplaýar.

Türkiýäniň Adalat ministrligi 13-nji sentýabrda Birleşen Ştatlara eden ýazmaça ýüzlenmesinde Guleni 270 adamyň ölümine sebäp bolan “agdarylyşyk synanyşygyna görkezme bermek we oňa ýolbaşçylyk etmek” bilen baglylykda tussag etmegi soraýar.

1999-njy ýyldan bäri ABŞ-nyň Pennsylwania ştatynda ýaşaýan Gulen özüne ýöňkelýän aýyplamalary ret edýär.

Ankara başa barmadyk harby agdarylyşykdan soň Gulen bilen gatnaşykda güman edip, 100 müňden gowrak harbyny, polisiýa wekilini we raýat işgärlerini işden çetleşdirdi.

Türkiýäniň hökümeti Guleniň “Hizmet” atly hereketini terrorçy gurama diýip atlandyrýar we onuň özüniň Türkiýede sud edilmegini talap edýär.

XS
SM
MD
LG