Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gazagystan: Nazarbaýew hökümetiň düzümini üýtgetdi


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew geçen hepdede premýer-ministri wezipesinden boşatmagynyň yzýany hökümetiň düzümini üýtgetdi.

Gazagystanyň prezidentiniň websaýtynda 13-nji sentýabrda habar berilişine görä, goranmak ministriniň orunbasary Saken Žasuzagow goranmak ministri wezipesine hödürlendi.

Adalat ministri Berik Imaşew Merkezi saýlaw komissiýasyna ýolbaşçy bellendi. Imaşewiň öňki wezipesine prezidentiň edarasynyň başlygynyň orunbasary Marat Beketaýew bellendi.

Prezident Nazarbaýew 8-nji sentýabrda premýer-ministr Karim Masimowy Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy wezipesine belledi.

9-njy sentýabrda Nazarbaýew premýer-ministriň orunbasary Bakytžan Saghyntaýewi hökümet baştutany wezipesine belledi.

XS
SM
MD
LG